Gözle

Türkmen aỳdymlar

Türkmen Kultur Ojagy

Pyragyny gutlap


Magtymguly Pyragyň 279 ýaşynyň baýramçylygy Köln şäherinde şenbe güni (05.05.2012) örän mazmunly hem şadyýan geçirildi. Europaň dürli ýurtlarynda ýaşaýan ildeşler, ýakyna-uzaga seretmezden, bu dabara höwesjeňlik bilen gatnaşyp, şowhunly bir agşamy bilelikde geçirdiler.
Bu baýramçylyga Türkmenistan jumhuriýetiniň Belžikde bolan ilçihanasynyň birinji sekretary hormatly Öwez Erlekow hem gatnaşyp, myhmanlara dürli hem gözel sowgatlar paýlap, göwünleri göge göterdi.

Dabara başlanyp, ilki bilen Kultur Ojagymyzyň tarapyndan hormatly Halym Nafeýi myhmanlara hoş geldiňiz aýtdy. Onsoň hormatly Suwhanberdi Gylyçtagany TKO-nyň bu şanly mynasibete taýýarlan gutlag hatyny okap, hormatly Muhammet Salyh Rasyhy töre çagyrdy.


Ussat Muhammet Salyh Rasyh Afganistanda ýaşaýan ildeşlerimiziň edebi hem medeni ýagdaýlary barada gürrüň berip, sözlerini halkymyzyň uzak taryhyndan alyp gaýtdy. Häzir Humbold uniwersitetinde doktorçylyk programmasyny goramak üçin Berline gelen ildeşimiz, 2002-nji ýyldan bäri Afganistan döwletiniň goldawy bilen türkmen doganlarymyzyň medeni dünýäsinde uly özgerişleriň bolup duranyny aýtdy.

Hormatly agamyz Begmyrat Gereý Pyragynyň hemme taraplaýyn bir şahyr hem Philosof bolandygyny nygtap, „Pyragy hakda oýlanmalar“ diýip ýazan makalasynyň ýene bir näçe ulgamlaryny açyklaşdyrdy.



Holland ýurdundan sowgat bilen toýa gelen uýamyz hormatly Meňli Rahymy, Afganistanda ýaşaýan ildeşlerimize, ylaýta-da çagalara arka bolup edilýän dalaşlardan gürrüň berdi. Ol şeýle hem barymyzyň bir saçagyň daşyna üýşüp, Pyragymyzy hem-de baý medeniýetimizi Europa tanytmak üçin bilelikde işlemelidiris, diýen pikiri orta goýdy.


Hormatly Dr. Abdurrahman Diýeji Türkiýäň Trakyýa uniwersitätinde, işläp ýören ýerinden, bu baýrama çagyrylyp, gelip goşuldy.
Dr. Diýeji “Sahra” neşriýesiniň çykarylmagynyň prosseslerini açyklap, 10 ýyl tümlükden, aşylan böwetlerden, görlen gynçylyklardan, çekilen ajylardan gürrüň berdi.
Türkmenistan jumhuriýetiniň garaşsyz bolmagynyň türkmensahrada Pyragyň baýramçylyklaryna ýetiren täsiri, şeýle-de Pyragy dabaralarynyň türkmen halkynyň özara gatnaşygynda goýýan täsirleri hem bu çykyşda açyklandy.

Taryh ylymlarynyň kandidaty hormatly Arne Goli bu baýrama kitap sowgatlary bilen goşulyp, sözlerini türkmene degişli Maý aýynda bolup geçen taryhy wakalara göz aýlamak bilen başlady. Hormatly Arne Goli “Magtymguly Taryhyň Sahypasynda” diýen çykyşynda Bertels, Bartold, Nazym Hekmet we ýene ençeme uly şahsyýetleriň Magtymguly barada aýdan sözlerini hat hem surat bile görkezip, dürli zamanlarda Pyragyň diwanyny çapa çykaran adamlar hakda tanyşlyk berdi. Ol şeýle hem Pyragyň ýaşy, ýaşan döwri we diwany barada gürrüň berip, Pyragydan peýdalanmak üçin bolan hem bolýan syýasy dalaşlara göz aýlady.



Dabaraň ylmy çykyşlar bölümi soňlap, iňňan tagamly taýýarlanan iýmitler orta alyndy.

Magtymgula geýdirilen selle

Agşamlykdan soň hormatly ýoldaşymyz Eýýup Gerkeziniň ýazan we TKO- teater toparynyň işlap, ýetişdiren iki sany gysga teater oýunlary sahna çykarylyp, örän täsinli garşy alyndy.


Telefon gepleşigi



Toýdaky adamlaryň bary köňlijem bolup, “Türmeniň”  aýdymyny aýtdylar.



Dabaraň soňuna golaý birnäçe aýdym aýdyldy.


Ildeşimiz Elýas Seýdi agyzharmonysynda läle sazyny çalýar!

Türkmen Kultur Ojagynyň adyndan bu uly dabara gatnaşanlardan, sazyna -duzuna, filmine-suratyna, sahnasyna-teatera, aýdymyna-sazyna ýardam eden ildeşlerden tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris.

Toýuňyzda gaýtsyn!

Türkmen Kultur Ojagy
Müdiriýet topary
Köln, 13.05.2012

Magtymguly Pyragyň 279 ýaşy mynasibetine, Türkmen kultur Ojagynyň:

Gutlag haty


Gadyrdan ildeşler,
Türkmen Kultur Ojagynyň adyndan Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 279-njy ýyl dönümini Size hem-de dünýäň ähli ýurtlarynda ýaşaýan türkmen doganlarymyza tüýs ýürekden gutlaýarys.

Türkmen nesilleriň Maý aýlarynda Magtymguly Pyragyny hormatlap dabaralar gurmaklaryny, olaryň özüne goýýan sarpasydyr diýip düşünse bolar. Sebäbi Pyragy hem türkmeniň umumy bähbitlerini öz bähbitlerinden öňde tutup, gözel ömrüni halkymyzyň aladasynda ötüripdir.

Parasatly Pyragy ilkinji gezek halkymyzyň taryhy ykbaly bilen baglanyşykly temalary şygyr dünýäsine ornaşdyrmak bilen, milli kimlik meselesiniň umumylaşmagyna hem-de milli aň-düşünjäň çuňlaşmagyna sebäp bolupdyr.

Şeýle bolsa-da ol akyldar:

“Ýol üstünde ölsem, ýola atsalar,
Razy men üstümden basyp ötseler,
Magtymguly diýip adym tutsalar,
Gören göz jort atar eşden gulaga.“ ... diýip, kemlik eýleýär.

Bu setirler ynsanyň beýgeldigiçe, özüne bolan islegleriniň egsilýändigini görkezýär welin, biz bu gün Pyragyň diňe bir adyny tutmak däl-de, eýsem ony doly öwrenip, döredijilik dünýasiniň syrlaryna göz ýetirip, ündöwlerini hakyky ýaşaýşymyzda işe almagy başarmalydyrys.

Diýmek häzirki zamanyň öňümizde goýýan çylşyrymly düwünlerini çözüp, ägirt böwetlerini ýeňmäge, türkmen nesilleriň täze ýollar, täze ideeler agtaryp, Pyragylaşmaklary gereklidir.

Derwüşler köňlijem dursun namaza,
Ýigitler ýygylsyn söhbete-saza,
Ilimiz ulaşsyn sowulmaz ýaza,
Togsan dolup, tamam bolsun gyşymyz!

Size berk jan saglyk hem-de üstünlikler dileýäris!

Hormat bilen:
Türkmen Kultur Ojagy

Köln- 05.05.2012

„Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňy,

Är yzynda ýörseň, är dek bolar sen!“


Gadyrdan ildeşler,

dil we edebiýatymyzyň uly diregi, milli guwanjymyz bolan  Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 279-njy ýyl dönümi bu ýyl hem Köln şäherinde sazly-söhbetli hem-de ylmy konferens bilen geçiriljekdir.

Türkmen Kultur Ojagy ýoluňyza gül düşäp,
Sizi bütin maşgalaňyz bilen bu dabara çagyrýar!

Çykyş etmäge oýlansaňyz, gijikdirmän TKO-müdiriýetine habar bermegiňizi haýyş edýäris.

Ýeri: Pfarrzentrum ,An St. Adelheid,  51109 Köln  (Neubrück)
Zamany: 05.05.2012- şenbe güni, sagat  18:00-23:00

Siziň geljek ýoluňyza garaşýarys!

Hormat bilen:
Türkmen Kultur Ojagy – e.V. (Müdiriýet topary)
Köln, 09.04.2012

1391-nji şemsi ýylyňyz düşümli bolsun!

Balyk ýylyň bahary, ýetip gelen alaýazy Size tüýs köňülden gutlaýarys

Bahar gelýär bagşy bilen!

Gadyrdan ildeşler,

Bu ýyl Köln şäherinde geçiriljek bahar baýramyna Türkmensahraň at gazanan hünärli ýigitleri Arazmuhammet Şirmuhammetli we Hajymuhammet Iri hem gatnaşyp, köpçüligiň şatlygyna şatlyk goşýarlar.
Geliň bu şowhunly agşamda bile bolup, türkmen aýdym- sazyndan bilelikde ganaýlyň!
Sizi nowruz toýuna bütin maşgalaňyz bilen çagyrýarys!
Her maşgala özi bilen göwnünden çykan tagamyny getirse, agşamlyk saçagymyz baharyň dürli we bereketli saçagyna meňzär diýip düşündik.

Duşuşygymyzyň:
Ýeri: Allerweltshaus, Körner Str. 77, 50823 Köln
Zamany: Şenbe, 24.03.2012, sagat: 19:00- 24:00

Türkmen Kultur Ojagy- e.V.
Müdiriýet topary
Köln, 08.03.2012

Halkara Enedil Gününiň şanyna


2000-nji milady ýyldan başlap, her ýylyň 21-nji February Unesco tarapyndan Halkara Enedil Güni hökmünde yglan edildi.
Unesco öz açyklamalarynda dünýäde gepleşilýän 6000 tüýsli dilden, olaryň tas ýarysy dürli sebäpler bilen bardykça öçüp, ýitip gitme howpunda bolandygyny aňladýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň terbiýe, ylym we medeniýet işlerine degişli bu organizationyň aýdyşyna görä: „Dil gepleşik, düşünişme we aragatnaşyk serişdesi hökmünde, ynsanlara öňki nesillerden ýeten bahaly bir miras we olaryň medeni kimlikleriniň iň uly belligidir. Şeýle bolansaň bir diliň aradan gitmegi iňňän gymmatly medeni miraslaryň, goşgularyň, söz düzümleriň we hatda degişmeler-şorta sözleriň aradan çykyp, ýok bolmagyna sebäp bolýar.”

Unesco-nyň açyklamalary dil serişdesiniň arkasynda bolan medeni we hatda syýasy potantiel güýje ünsüňi çekýär.

Dil meselesi bir wagt 1971-de gündogar Pakistandan bölünip, Baňladeş ýurdunyň döremegine sebäp bolan bolsa, ýaňy ýakynda Europa birleşiginiň symboly bolup oturan Belžik ýurdunyň birlik we bitewiligini tas çagşadypdy.

Bu mesele Türkmensahrada hem 1979, 1980-nji ýyllarda, “Okuw gerek, hat gerek, türkmençe mekdep gerek.” diýen ýaňlanmalarda, halkyň maddy güýjüne öwrülip, ýerden galany birleşdirip bilipdi.
Emma bu gün biz ene dilimiz bilen baglanyşykda, uly taryhy soraglar bilen ýaşaýarys.

Zamana bizden ene dilimize asyrlar boýy bolan äsgermesizlikleriň, basgylaryň we kemsidilmekleriň ýerlerini, zamanyny we şertlerini soraýar.
Şeýle bolsa el-ele berip, bu soraglara jogap agtarmak, ene dilimiziň bahasyny bilip, ony öz laýyk orun we mertebesine götermek dünýäň ähli künjeklerinde bolan türkmen medeni ojaklaryň we ähli öýlerde ene-atalaryň taryhy borjudyr.

Türkmen Kultur Ojagy
Müdiriýet topary
Köln-19.02.2012

Gurbanlyk baýramy Kölnde (2011)

Bu ýyl Gurban baýramynyň şanyna Türkmen Kultur Ojagynyň tarapyndan
tertipleşdirilen duşuşyk, Ýekşenbe güni, 13.11.2011-de sagat 11:00-15:00 aralygynda, hormatly ildeşlerimiziň gyzykly gatnaşmaklary bilen, örän şadyýan we unudylmaz pursatlar bolup geçirildi.

Ilki bilen TKO-müdiriýeti gadyrly myhmanlara hoş geldiňiz aýdyp, saglyk, bagt we agzybirlik diläp, olardan TKO bilen ýygydan ýakyn işleşmeklerini isledi.

Onsoň gadyrly uýalaryň iň tagamly taýýarlan gowurmalary tamdyr çörek bilen orta goýuldy. Yssy çaýlar içildi. Ýüzlere gülki dolup, ysnyşykly gürrüňlerde ýürekler-de açyldy. Saz diňläp, ýumurtga hem çakyşdyryldy we birinji bolana köp eller çarpyldy.

Bu günüň täzeligi, asyl TKO-nyň tutan baýramçylygynda ilkinji gezek teater oýnunyň sahna çykmagydy. Gurbanlyk duşuşygynda hormatly ildeşimiz Eýýub Gerkeziniň ýazan „Ýeten kitap“ hem-de „Batyr janyň sijili“ diýen teater oýunlary görkezilip, myhmanlaryň öwgülerine laýyk boldy.

Bu şadyýan üýşmeleňi düzgünleşdirmekde gatnaşyp, ýardam beren dostlara tüýs ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Türkmen Kultur Ojagy
Müdiriýet topary

Şorta söz: Taňryň işi

Bir gün Mollanasreddin obadan şähere ugrap, ýolda ýadap, bir hoz agajyň düýbünde uzanyp, dynç almakçy bolupdyr. Mollaň gözi bagdan sallanyşyp duran hozlara düşüp, „Eý taňrym, bu nähili iş bolar? Ýüpek ýaly bir inçejik düýbüň ujunda tos-togalak kädi bitýä, şuň ýaly bir uly bagda bolsa, owunjak hoz?“ diýip, ýuwaş-ýuwaşdan uka gidipdir.

Bagdan bir hoz gaçyp, mollaň süre maňlaýny hoz ýaly çişiripdir welin, mollanasreddin tisginip, turupdyr-da: „ Eý Taňrym, işiňi özüň ýagşy bilersiň. Bu bagda hoz ýerine, kädi bitýän bolsa, men näderdim?“ diýipdir.

Gynançly ýitgi!

Gynanç bilen,

Türkmensahraň at gazanan ukyply sazandary, türkmen dutarynyň şöhratyny bütin Iranda başarjaňlyk bilen göge göteren Mansur Sabuhy aradan çykdy! Türkmensahra entek-entekler onuň çeper barmaklaryny ýoklasa gerek!

Biz bu gynançly wakanyň agyr agysyny türkmeniň medeni jemgiýetleri bilen deň paýlaşyp, merhumyň maşgalasyna hem-de ähli galanlaryna sabyr we uzak ömür dileýäris.

Jaýy jennetden bolsun!

Türkmen Kultur Ojagy

Siriýa  Türkmenleri

Dr. Mukhtar Türkmen Oglu


Siriýada maglumatlara göra 3 milliondan gowrak; ýa-da 4 milliona golaý türkmen ýaşaýar. Olary hem ika bölünýär. Ýagny dilini goranlar we assimilasiýa edilenler. Türkmenleriň diňe 1,5 milliony öz dilini gorap bilipdirler, hatda goramakda has öte geçipdirler. Ýagny şu 1,5 millionuň aglabasy döwlet dili bolan arapça bilmeýändikleri sebäpli uniwersitet, mekdeplerde okap bilmeýärler, döwlet edaralarynda hem işlap bilmeýärler. Assimilasiýa edilenler bolsa araplaryň arasynda eräp gidipdirler. Olar özlerine türkmen diýän-de bolsa türkmençe gürlap bilmeýärler.

Gynandyryjy tarapy bolsa käbirleri özlerine ''türkmen'' hem diýmek islemeýär. Meselem syýahatçy žurnalistlerden biriniň aýtmagyna görä türkmen ene-ata çagasynyň türkmençe bilmän ýetişmegi üçin elinde baryny edýän eken. Çünki Siriýada türkmen bolmak birgiden hak-hukukdan mahrum bolmak bilen barabar. Kyn.

TKO: Bu makalaň dowamyny aşakdaky seitlarda görüp bilersiňiz:

http://halapturkmen.blogcu.com
http://suriyeturkmenleri.blogfa.com